Open menu Close menu

SICA üstünlik hekaýalary

Ýaş aktiwist Täjigistanda täze IT zehinlerini döredýär

Täjigistandan bolan Farruh Umarow Oksford uniwersitetiniň uçurymy we «Ilmhona Skills Acceleration Center» merkeziniň esaslandyryjysy. Ol Täjigistanyň demirgazygyndaky kiçijik şäher Istarawşanda zähmet migrantlary maşgalasynda eneden bolsy. Farruhyň kakasy, ýüzlerçe müň täjikler ýaly, oglan bary-ýogy 10 ýaşyndaka Russiýa göçüpdi.

Farrukh Umarov at a conference

“Kakam ýanymda bolmasa-da, ol okamak islegimde meni hemişe goldaýardy. Täjigistanda raýat urşy başlanandan soň ykdysady durgunlyk we ýokary işsizlik döwri boldy. Ejem-kakam näme bolsa-da bize gowy bilim bermek üçin köp işlediler. Islän zadymy gazanmak üçin ähli tagallalary etmelidigimi elmydama bilýärdim "-diýdi Farruh.

Oksford uniwersitetini tamamlandan soň, Farruh watanynda tehnologiýa pudagyny ösdürmegi karar etdi. Bu isleg, Duşenbede «Ilmhona Skills Acceleration Center» merkezini açmaga itergi berdi, bu ýerde talyplar IT kurslaryny alyp bilerler we hatda tehnologiýa pudagynda iş tapyp bilerler. Farruhyň ornaşdyran gorag goýumynyň özboluşly ulgamynyň kömegi bilen, «Ilmhona» -da mugt diplomy hem alyp bolýar:

“Okuwy başlamak üçin goýum tölemeli. Bir okuwçy 85 bal ýa-da ondan ýokary baha bilen kursy tamamlasa, goýum pulunyň 50-den 100 çenli göterimini yzyna alar ”- Farruh düşündirýär. "Bizde talyplaryň töleginiň 100% -e çenli yzyna alýan mysallary hem bar."

Taslamasy arkaly oňyn abraý gazanan Farruh, doglan şäheri Istarawşanda “Ilmhona” täze wekilhanasyny açmak kararyna geldi. Bu başlangyjy maliýeleşdirmek üçin Farruh, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada Sosial innowasiýa” (SICA) maksatnamasy boýunça “Maliýe däl goldaw görnüşleri” grantyna arzasyny tabşyrdy. SICA we beýleki halkara guramalarynyň goldawy bilen Farruh, Istarawşanyň 200-den gowrak ýaş ýaşaýjysy üçin maglumat tehnologiýasy boýunça okuw kurslaryny açmagy başardy.

Man at computer illustrative photo

Hasan Soliýew häzirki wagtda «Ilmhona»- nyň iň üstünlikli okyjylaryndan biridir. Bir wagtlar Hasan reňkleýji bolup işleýärdi, ýöne programmirlemekde elini synap görmek isleýärdi.

“Men «Ilmhona»-da hakykatdanam okamak isledim, ýöne olaryň ofisiniň şäherimden has uzakda ýerleşýändigini öwrendim, we gaty gynandym. Alty aýdan geçenden soň Istarawşanda olar wekilhanany açanlarynda meni haýran galdyrdy"-diýdi Hasan. “Elbetde, meniň ilkinji eden işim, «Web-zero»kursyna ýazylmakdy.

Bary-ýogy iki aýyň içinde Hasan HTML, CSS we JavaScript-i özleşdirdi. Okuwyny gutarandan soň, oňa «Ilmhona» kompaniýada kurs mugallymy hökmünde iş teklip etdiler. Indi Istarawşanyň okuwçylary üçin “Front End” işläp düzmegiň esaslaryny öwredýär we geljekde bir gün Google ýa-da Microsoft-da iş tapmagy arzuw edýär.

Hasanyň hekaýasy, her kimiň kod ýazmagy öwrenip biljekdiginiň ajaýyp mysaly, indi kompaniýanyň topary Istarawşandan gelen gyzlaryň hem bu kadadan çykmaýandygyny subut etmäge çalyşýar. Mysal üçin, «Ilmhona» ýakynda tehnologiýada özüni synamak isleýän gyzlar üçin ýörite başlangyç programmasyny döretdi. 30 gyz talypdan ybarat bolýan ilkinji topar “Front End” işläp düzmegiň esaslaryny okuwyny tamamlady.

Farruh: "Aýal-gyzlaryň hemme zady erkek adamlar bilen deň derejede gazanyp biljekdigini görkezmek biziň üçin möhümdir" –belläp geçýär. "Meniň doglan şäherimden gelen gyzlar üçin ilkinji kursumyz edil şonuň üçin döredildi."

«Ilmhona» okuw kurslaryna goşmak bilen, Täjigistanyň ýaşlary üçin startap çärelerini, şahsyýet başarnyklary ösdürmek boýunça okuwlary we ýygnaklary guraýar. Farruh bu başlangyçlaryň ýaş nesle ylham berjekdigine we Täjigistanda IT hünärmenleriniň täze neslini terbiýelemegine kömek edip biljekdigine umyt edýär.

Farruh: "Täjigistanyň tebigy baýlyklarynyň çäklidigine garamazdan, biziň ýurdumyzda ýokary derejede adam kapitaly bardyr" -diýdi. "Men Watanymy innowasiýa we tehnologiýa zehinleriniň ýurduna öwürmek juda isleýärin".

Gazagystanda Sanly Gurallaryň kömegi bilen Gynamalara Garşy Göreş
Learn more Learn more
Özbek jemgyýetçilik gurama Maýyp zenanlar üçin täzelenen merkezini açýar
Learn more Learn more

Biz bilen habarlaşmak üçin

Umumy haýyşlar:

Almaty, Gazagystan
Seýfullina şaýoly 609
3-nji gat, “Forum” işewürlik merkezi

error icon

Adyňyzy giriziň

error icon

Dogry e-poçta giriziň

error icon

Habaryňyzy giriziň

Sagbol!