Open menu Close menu

SICA üstünlik hekaýalary

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän Syýasaty öwreniş mekdebiniň uçurymy 200 sany uniwersitet talyby üçin döwlet satyn alyş boýunça mugt kursyny başlatdy

Nurgali Rahmanow, “Digital Society” jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy we USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Durmuş Innowasiýalar (SICA) maksatnamasynyň Syýasy ylmy-gözlegler mekdebiniň (“PRS”) uçurymy. Nurgali köp ýyl bäri döwlet satyn alyş ulgamy bilen gyzyklanýar. 2021-nji ýylda sosial mediada SICA-nyň Syýasaty öwreniş mekdebine ýüz tutmaga çagyrýan mahabata duş geldi.

PRS-de döwlet satyn alyşy öwrenen wagtynda Nurgali, döwlet satyn alyş boýunça gözlegçileriniň ýetmezçiligi sebäpli “kän maglumatlaryň” halkdan gizlenýändigini gördi. Şeýlelik bilen uniwersitet talyplary üçin mugt döwlet satyn alyş boýunça kursyny döretmek pikirine geldi. Nurgali bir ýylyň dowamynda döwlet satyn alyşlary boýunça ylmy-gözlegleri geçirdi we uniwersitetiň talyplary üçin kurs döretmek barada oýlandy. Ýerli uniwersitetleriň bu pikiri kabul edip-etmejekdigi barada alada edýärdi, sebäbi işgärleriň talyplara döwlete eýermegi we bu barada tankydy pikirlenmegi öwredýän kurs bilen baglanyşykly bolmakdan gorkup biljekdigini aýtdy. Nurgali bakalawrlar üçin kurs açmak teklibi bilen Almaty Energetika we Aragatnaşyk Uniwersitetiniň işgärlerine ýüzlendi. “Uniwersitetiň işgärleri bu taslama ýaşyl yşyk bermäge taýýardyklaryny aýdanynda, bir tarapdan rahatlandym, bir tarapdan geň galdym” -diýdi.

Nurgali, täze nesil hünärmenleriň aç-açanlyk standartlaryny ýokarlandyrmakda döwlete “öňe hereket etmäge” kömek eder diýip umyt edýär.

Nurgali: “Gazagystan Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasyna (OECD) goşulmak isleýär, esasy talaplaryň biri jogapkärçilikli dolandyryş we döwlet satyn alyş ulgamynda aç-açanlyk babatynda OECD standartlaryna laýyk gelmekdir. Durnukly ösüş pudagynda hünärmenleriň ýeterli bolmadygy we durnukly ösüş üçin institusional gurluşyň kämilleşmedigi sebäpli, döwlet edaralary we milli kompaniýalar henizem döwlet standartlaryny satyn alyş işlerine bu ülňüleri girizip bilmediler. Şol ýerde men öz rolumy görýärin” – diýýär.

SICA PRS taslamasyny dowam etdirip, Nurgali mekdep gurluşygy pudagynda döwlet satyn alyşlaryny hem öwrendi. Ol ýokary töwekgelçilikli tenderleriň, ep-esli göterilen bahalar bilen korrumpirlenen tenderi kesgitledi. Munuň jogaby hömünde, mekdep gurluşyk satyn alyş amallarynyň netijeliligini ölçemek üçin reýting ulgamyny döretdi. Gazagystan Gurluşyk materiallaryň senagatynyň assosiasiýasy Nurgaliniň reýting ulgamynda uly mümkinçilikleri gördi we Gazagystanyň “Atameken” Milli Telekeçiler Palatasynyň iş toparyna döwlet satyn alyşlary boýunça hünärmen hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Indi Nurgali iň arzan bahadan satyn alnan harytlaryň, zähmetiň we hyzmatlaryň hiline gözegçilik edilmegine kömek etjek döwlet satyn almalary baradaky täze kanuny taýýarlar.

Nurgali, korrupsiýany ýok etmek isleýän ýurtlar üçin satyn alyş mehanizmlerine jemgyýetiň düşünmeginiň hökmanydygyna ynanýar. Gazagystanyň beýleki uniwersitetlerinde hem şuňa meňzeş kurslary açmagy umyt edýär. “Men OECD ülňülerini Gazagystanyň döwlet satyn alyş ulgamyna girizmek borjuma ynanýaryn. Dünýäniň iň ösen 30 ýurduna goşulmak üçin ädim ätmegiň bu ýeke-täk usulydyr”. – diýip jemleýär. Nurgali believes that public understanding of procurement mechanisms is a must-have for countries that want to eliminate corruption. He hopes to launch similar courses in other Kazakhstani universities. “I believe in my mission to implement OECD standards in Kazakhstan’s public procurement system. Only this way can we make a step to enter the top 30 most developed countries in the world,” he concludes.

Gazagystanda Sanly Gurallaryň kömegi bilen Gynamalara Garşy Göreş
Learn more Learn more
Özbek jemgyýetçilik gurama Maýyp zenanlar üçin täzelenen merkezini açýar
Learn more Learn more

Biz bilen habarlaşmak üçin

Umumy haýyşlar:

Almaty, Gazagystan
Seýfullina şaýoly 609
3-nji gat, “Forum” işewürlik merkezi

error icon

Adyňyzy giriziň

error icon

Dogry e-poçta giriziň

error icon

Habaryňyzy giriziň

Sagbol!