Natalýa Plotnikowa maýyp adamyň durmuşynyň näderejede izolirlenen bolup biljekdigini öz tejribesinden bilýär. Ol 11 aýynda stoldan ýykyldy we oňurga süňküni döwdi. Şondan bäri ol taýaklary we maýyplar üçin oturgyjy ulanýar. 2000-nji ýylda Natalýa Kibraýda Opa Singillar ("Uýalar") atly maýyp aýallar jemgyýetini döretdi. Bu hukuk we psihologiki goldaw berýän we Özbegistanyň Daşkent şäheriniň golaýyndaky Kibraý etrabynda ýaşaýan maýyp aýallar we gyzlar üçin başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça seminarlar geçirýän jemgyýetçilik guramasydyr. Köp ýyllaryň dowamynda maliýeleşdirmäni almak sebäpli çykan kynçylyklar guramanyň ösüşine päsgelçilik döredýärdi. USAID-iň Merkezi Aziýada Durmuş Innowasiýalar (SICA) taslamasyndan bolan Institusional Ösüş Granty (IDG) bilen Natalýa we onuň topary, benefisiarlaryň we donorlaryň sanyny artdyrýan täze strategiki meýilnamany işläp düzdüler we durmuşa geçirdiler. Bu grant, şeýle hem, Natalýa maýyplar üçin oturgyç ulanyp, ähli benefisiarlara ýeňillik bermek üçin ofisini düýbünden gaýtadan enjamlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Natalýa, jemgyýetiň bir bölegi bolmak arzuwynyň çagalyk döwrüniň kyn ýyllaryny nädip başdan geçirendigini ýada salýar. “Käbir zatlary anyk ýadymda saklaýaryn, mysal üçin, öz otagymda ýeke ýatýardym we beýleki çagalaryň gülüp, daşarda oýnaýandyklaryny diňleýärdim” – diýýär. “Olaryň bir bölegi bolmak, kabul edilmek isländigim ýadyma düşýär. Bir gün ulalanymdan soň beýleki adamlar meniň kimdigimi görmekleri üçin peýdaly we möhüm bir zat etjekdigimi arzuw edýärdim.”
Natalýanyň aýdyşy boýunça, bu gün arzuwy, Kibraýda akyl we bedeni taýdan kemçilikli köp aýal-gyzlaryň ikinji öýi diýip atlandyrýan amatly we goldaw merkezi bolan Opa Singillarda ýerine ýetirýän işinde we ýolbaşçylygynda hasyl boldy.
Natalýa, Opa Singillar merkeziniň mydama beýle açyk bolmadygyny belledi. 2022-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli gurama salgylaryny 10 gezek üýtgetdi. Bu ýerleriň hiç biri-de onuň hossarlyk edýän zenanlaryň zerurlyklaryna laýyk gelmeýärdi. Iň soňky salgy, merkezi ýylydyjysy bolmaýan “taşlanan ýagdaýda” bir jaýdy, bu bolsa gyşda sapaklary we seminarlary geçirmäge mümkinçilik bermezdi. Natalýa: “Köp täze agzalar we ene-atalar üçin bu şertler derrew olaryň höwesini aldy we käbirleri bu sebäpden gaýdyp gelmediler. Bu şertleri üýtgetmek üçin ýollary tapmalydygymyza düşünýärdim.
2022-nji ýylda Natalýanyň topary institusional ösüş üçin SICA grantyny utdy. Topar fandraýzing we strategiki ösüş boýunça SICA-nyň hünärmenlerinden bilim aldy, bu bolsa olara Opa Singillaryň häzirki işine düýpli göz aýlamaga we täze strategiki ösüş meýilnamasyny düzmäge mümkinçilik berdi. Täze meýilnamada, üns hyzmatlary ýokarlandyrmak, mahabat we maliýe ýygnamak meselelerine gönükdirilendir. Iň esasy zat, gurama merkeziniň için düýpli remont etdi we ýylydyjy ulgamy, maýyplar üçin amatly oturgyçlary, birnäçe täze studiýa we seminar üçin aşhanasy bilen enjamlaşdyrdy.
Üýtgeşmeler gysga wagtyň içinde üstünlikli geçdi. Remont geçirenden bir aý soňra, gatnaşyjylaryň sany sapak boýunça 6-7 adamdan 15 adama ýetdi. Gaýtadan enjamlaşdyrylan otaglar aşpezlik sungaty, psihologiýa we tikinçilik boýunça täze sapaklaryny açmaga mümkinçilik berdi. Topar 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda merkeziň resmi açylyşyny geçirdi. Çäräniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Opa Singillaryň bir bölegi bolmak isleýänleriň köpüsini özüne çekdi.
Opa Singillar taslamasynyň utgaşdyryjysy Gülfiýa Kalimulina: “Ofisiň işimize gönüden-göni täsir edýändigi sebäpli ahyrsoňy abatlanylandygyny görmek gaty ýakymly”. “Indi binanyň içi hossarlyk edilýän zenanlarymyz üçin ýyly we amatly bolandan soň, hyzmatlarymyzy giňeldip we mätäç bolan adamlara täze mümkinçilikler döredip bileris” – diýdi.
Natalýa, SICA Institusional Ösüş maksatnamasynyň täze enjamlaşdyrylan ofisinden, täzelenen strategiýadan ýa-da işgärleri üçin okuw seminarlaryndan başga-da has köp zatlar bilen üpjün edendigini belleýär. “Biziň gazanan iň möhüm zadymyz, guramanyň ösüşine düýpden üýtgedilen garaýyş. Mümkinçilikleri öz peýdamyz üçin nähili ulanmalydygyny öwrendik” -diýdi. 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda gurama ýygnalynan maliýe mukdaryny iki esse köpeltdi we kondisionerler we gözegçilik kameralary ýaly mugt hyzmatlar we enjamlar bilen üpjün edýän birnäçe täze donorlary özüne çekdi.
“Meniň wezipäm Özbegistandan bolan maýyp gyzlara kuwwat bermek we olary özleriniň iň gowy wersiýasy bolmaga ylham bermek. Mekdebe gözleri “ýapyk” gelýän gyzlaryň arzuwlaryny tapyp, hemişe arzuwlarynda bolan hünärlerini dowam etdirip başlanda, men hemişe haýran galýaryn”- Natalýa aýdýar. “Mahalla [etrabynyň] daşyndaky dünýäniň şeýle bir uludygyna we islendik ýerde okap biljekdigine we islendik adam bolup biljekdigine göz ýetirmek, meniň göwnüme ýaraýan zat. Hyzmatlarymyzy giňeltmäge kömek eden Institusional Ösüş Grantyna minnetdarlyk bildirýärin”.
Umumy haýyşlar:
Almaty, Gazagystan
Seýfullina şaýoly 609
3-nji gat, “Forum” işewürlik merkezi
Sagbol!