Open menu Close menu

SICA üstünlik hekaýalary

Yzyna eltip ber we gazan, ýa-da obanyň ýaşaýjylaryny zibiliň gaýtadan işletmegine nädip öwrenişdirmeli.

Köp adamlar yssy möwsümiň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, gowy howa wada berýän hemme zada garaşýarlar, ýöne Wladislaw däl. Aslynda Wladislaw şäher zibilhanasynyň golaýynda ýaşaýar we edil yssy möwsümde, yssy günüň aşagynda hapalar dargaýan wagty, Wladislaw we onuň goňşulary köçede duran yslara çydap bilmeýärler, görnüşi ýaly, o ysy hiç hili kesip bolmaýan ýaly. "Muňa meňzeş şertlerde ýaşamak gaty kyn" -diýýär. "Belli bir wagt, adam hereket etmelidgini we bir zady üýtgetmelidigini düşünýär."

Vladislav at EcoCashBack premises

Özbaşdak gözleglerini geçirip Wladislaw netijesinde Gazagystanyň gaýtadan işleýän önümleriniň takmynan 80 göteriminiň Aksukentdäki ýaşaýan jaýynyň gapdalyndaky zir-zibil dökülýän ýere meňzeş ýerlere gaýtadan işlenmedik görnüşinde taşlanýandygyny anyklady. Has gowy daşky gurşaw bilim bilen we dogry çemeleşmek bilen jemgyýetiň zibiliň gaýtadan işlemäge bolan garaýşynyň üýtgäp biljekdigine ynanýar.

2018-nji ýylda Wladislaw gaýtadan ulanylýan zibillerden gaýtadan işlenip bilinýän çig mallary çykarmak bilen meşgullanýan «Generation» guramasyny açdy. Soňra bolsa “Eco-Cashback” atly başlangyjy herekete getirdi. «Generation» tarapyndan “Eco-Cashback” maksatnamasynyň çäginde Aksukentiň ýaşaýjylary dört ýerli gaýtadan işleýän merkeziň birinde öý galyndylaryny gaýtadan işlemek we sortlamak üçin pul gazanyp bilerler.

Bu taslama ilatyň arasynda galyndylary gaýtadan işlemegiň ähmiýeti barada üstünlikli maglumat kampaniýasyny geçirdi. Wladislaw: “Biziň " Eco-Cashback" -iň hereketiniň netijesinde ýaşaýjylar galyndylaryň maliýe çeşmesine öwrülip biljek gymmatly çig malyň bardygyna indi düşünýärler”- diýýär. "Jemgyýetiň düşünjesi üýtgedi we adamlar galyndylary işjeň galyndyrlary gaýtadan işläp başladylar. Biziň obamyz has arassa we tämiz boldy. ”

Vladislav at EcoCashBack premises

Onuň başlangyjy obadaşlary tarapyndan goldanylandan soň, Wladislaw USAID taslamasynyň “Merkezi Aziýada sosial innowasiýalar” (SICA) “Institusional ösüş maksatnamasyna (IDP)” gatnaşdy. IDP strategiki meýilnamalary düzmek we ýerine ýetirmek üçin «Generation» ýaly guramalary hünärmen halypalary bilen birleşdirýär. SICA-nyň hünärmenleri Wladislawyň işiniň güýçli we gowşak taraplaryny seljermäge we ösüş üçin mümkinçilikleri kesgitlemäge kömek etdi.

Wladislaw: "IDP-iň goldawy bilen, guramalarda, kärhanalarda, ýaşaýyş jaýlarynda we ýaşaýyş ýerlerinde gaýtadan işlenen çig mallary ýygnamak üçin hemmetaraplaýyn hyzmatlary hödürleýän bir kompaniýa döretmelidigime düşündim" -diýdi.

IDP hünärmenleriniň berk ýolbaşçylygynda Wladislaw SICA maksatnamasy boýunça “Social Idea Accelerator” grantyna arzasyny tabşyrdy we netijede ýeňiji boldy. Bu maliýeleşdirme, oňa täze enjamlary satyn almak arkaly amallaryny giňeltmäge we iş tertibini optimizirlemäme mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda Aksukentiň her burçunda diýen ýaly zibilleri aýratyn ýygnamak üçin «Generation» ýaşiklerini tapyp bilersiňiz. Üstünliginden ylham alan Wladislaw has köp zada taýyn. Taslamany dolandyrmak ukyplary we IDP-de öwrenen strategiki meýilleşdiriş endiklerini özgerip, azyk galyndylaryny gaýtadan işlemek we suw tygşytlamak boýunça ol täze taslamalary meýilleşdirýär.

Gazagystanda Sanly Gurallaryň kömegi bilen Gynamalara Garşy Göreş
Learn more Learn more
Özbek jemgyýetçilik gurama Maýyp zenanlar üçin täzelenen merkezini açýar
Learn more Learn more

Biz bilen habarlaşmak üçin

Umumy haýyşlar:

Almaty, Gazagystan
Seýfullina şaýoly 609
3-nji gat, “Forum” işewürlik merkezi

error icon

Adyňyzy giriziň

error icon

Dogry e-poçta giriziň

error icon

Habaryňyzy giriziň

Sagbol!