Madina Ýergaliýewa 21 ýyl bäri sosial we ykdysady meseleleri çözmek bilen meşgullanýan “Başlangyçlar üçin goldaw (Initiative Support)” jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçylyk edýär. Şondan bäri Madina Gazagystanyň raýatlarynyň, şol sanda Aral deňziniň ekologiki betbagtçylyk zolagynda ýaşaýanlaryň lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini giňeltmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyndaky ýagdaýy gowulaşdyrmaga kömek edýär. Gazagystanyň günortasyndaky Aral deňziniň golaýynda ýerleşýän Gyzylorda şäherinde ýaşaýan Madina, daşky gurşaw meseleleriniň ýerli ilatyň durmuşyna göni täsirini bilýär. Köp ýyl bäri Aral deňziniň azalmagy sebäpli daşky gurşawyň zaýalanmagynyň yzyna gaýtaryp bolmajak prosesleri ýaşaýyş şertlerini we sebitdäki daşky gurşawy erbetleşdirýär.
“Aral deňziniň golaýynda ýaşaýan adamlar daşky gurşawyň ýaramazlygy sebäpli köp sanly kesellerden zarar görýärler. Hökümet klinikalary enjamlar bilen üpjün etse-de, lukmançylyk kömeginiň hili gowulaşmaýar. Bu sebitde ökde lukmanlar gaty az we adaty adamlar köplenç ökde lukmançylyk kömegini almak üçin esasy hukuklaryndan bihabar” –diýdi Madina. “Biz adamlara döwlet edaralaryna ýüzlenmeler ýazmaga we Gyzylorda sebitindäki we tutuş döwletdäki adamlaryň zerur kömegini almagyny üpjün etmek isledik.”
Madina, hökümet gatnaşmasa, toparynyň saglygy goraýyş edaralary ýaly çylşyrymly ulgamlary dolandyryp bilmejekdigini bilýärdi. Şu sebäpli, “Başlangyçlar üçin goldaw (Initiative Support)” üçin ilkinji aýgytly ädim döwlet edaralary bilen konstruktiw gepleşik gurmakdy. 2020-nji ýylda USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Durmuş Innowasiýalar (SICA) maksatnamasynyň “Innovative Solutions” grantynyň çäginde, “Başlangyçlar üçin goldaw (Initiative Support)” Kyzylorda sebitiniň saglygy goraýyş pudagynyň sosial audityny geçirdi. Audityň netijelerine esaslanyp, topar saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek üçin 30 sany maslahaty hödürledi. Bu maslahatlary Gazagystan Respublikasynyň hökümetine we Mejlisine garamak üçin iberdiler. Şeýle-de bolsa, Mejlisdäki maslahatlara garamakda we ara alyp maslahatlaşmakda garaşylmadyk gijä galyş bu prosese ep-esli päsgelçilik döretdi.
“Ilki bilen islän netijelerimiz bilen taslamany tamamlap bilmedigimiz üçin ruhdan düşdük. Hödürleýän maslahatlarymyzyň döwletimiziň saglyk ulgamynyň ýüzbe-ýüz gelýän käbir meselelerini çözmekde möhümdigini bilýärdik we durmuşa geçirmek isleýän maksadymyz üçin dowam etmegi makul bildik” -diýdi.
Ikinji SICA “Innovative Solutions” grantyny alandan soň, topar öz býudjetini, möhletini we Gazagystanyň saglygy goraýyş ulgamyny gowulandyrmak üçin jogapkär edaralaryň sanawy bilen ýol kartasy görnüşinde öz tekliplerini taýýarlady. Bu karta bäş esasy ugurdaky üýtgemelere gönükdirilendir: Gyzylorda sebitine hünärmenleri çekmek maksatnamasyny düzmek, ýurt boýunça lukmançylyk barlaghanalarynyň hiline gözegçilik standartlaryny ýokarlandyrmak, Gazagystanyň ykjam saglygy goraýyş programmasyny gowulandyrmak, dogumdan soň kynçylyklary bolan aýallar üçin kliniki reabilitasiýa we korrupsiýany ýok etmek üçin gözegçiligi güýçlendirmek. Häzirki wagtda döwlet edaralary bu maslahatlaryň takmynan 80 göterimini durmuşa geçirýärler.
“Innovative Solutions” grantynyň kömegi bilen, “Başlangyçlar üçin goldaw (Initiative Support)”, Gyzylorda sebitinde 200 000-den gowrak adama saglyk hyzmatlaryna bolan hukuklary barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habar beriş kampaniýasyny geçirdi. Şeýle hem, Gyzylorda klinikalaryndan 25 fizioterapewt we reabilitasiýa hünärmeni üçin nemes kinezerapewt Ewelin Ebinger bilen 20 günüň dowamynda ýerli hünärmenleri täzelenen hereketleri dikeldiş usullary (reabilitasiýa) boýunça bilim bermek üçin birnäçe seminar guramaga kömek etdiler.
Karmakşi etrabynyň lukmany Sakip: “Her gün [Eweliniň seminarlaryna gatnaşmak üçin] 180 km ýol geçmeli bolsamam, hiç birini sypdyrmadym” -diýdi. “Hünärmen bolup bilim almagy hiç wagt bes etmeli däldiris we bütindünýä lukmançylyk bejergisi we näsaglary bejermek tendensiýalaryny mugt öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilige eýe bolanyma begenýärin.”
Madina öz topary bilen bilelikde Gyzylorda sebiti ýaly Gazagystanyň hemme ýerinde ekologiýasy pes sebitlerde saglyk ýagdaýyny gowulaşdyrmaga çalyşýar. “Başlangyçlar üçin goldaw (Initiative Support)”, adamlaryň [saglygy goraýyş] hukuklary baradaky düşünjesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem Gazagystanyň hemme ýerinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga kömek eder diýip umyt edýärin” -diýdi.
Umumy haýyşlar:
Almaty, Gazagystan
Seýfullina şaýoly 609
3-nji gat, “Forum” işewürlik merkezi
Sagbol!